Awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlary

Awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlary

Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlarynyň möçberleri

TÜRKMENISTANA GETIRILÝÄN AWTOULAG SERIŞDELERI ÜÇIN GÜMRÜK PAJYNYŇ MÖÇBERINI BELLEMEK HAKYNDA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji martyndaky «Türkmenistana getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük pajynyň möçberini bellemek hakynda» 14658-nji karary bilen Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri (Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça şertli belgisi 8702, 8703, 8704 we 8705) üçin gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklandy. Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

 

Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlarynyň möçberleri

 

T/b

Awtoulag serişdeleri, öndürilen ýyly hasaba alynmanda

Gümrük paçlarynyň möçberleri (bir awtoulag serişdesi üçin)

1.

1 ýyl dolmadyk, şol sanda täze

 

gümrük bahasyndan 2 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 0,1 amerikan dollary

2.

1 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 10 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 0,3 amerikan dollary

3.

2 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 25 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 0,5 amerikan dollary

4.

3 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 40 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 1,0 amerikan dollary

5.

4 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 50 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 1,5 amerikan dollary

 

Bellik: Ýokarda görkezilen gümrük paçlaryndan elektromobiller we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary esasynda getirilýän awtoulag serişdeleri doly boşadylýar, gibrid hereketlendirijili awtoulag serişdeleri babatda 50 göterim ýeňillik berilýär.